27-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň gurnamagynda wideomaslahat görnüşinde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşyjy döwletleriň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.
Türkmen tarapyna Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow we pudagyň beýleki ýolbaşçylar hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibine bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Hususan-da, taslamanyň maliýa we gurluşyk taraplaryna seredilip geçildi. Koronawirus bilen bagly çäklendiriji çäreleriň girizilendigine garamazdan, taraplar bu taslamany durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirdiler we pandemiýa tamamlanandan soňra ony işjeňleşdirmegiň usullaryny maslahatlaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň işine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamany öňe ilerletmekde gazanylan düýpli netijeler bellenildi, şeýle hem tutuş sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etjek bu taslamany durmuşa geçirmekligi çaltlandyrmakda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary nygtalyp geçildi.