Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň baş direktoryny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň baş direktoryny belledi

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine Döwran Gurbangeldiýewiç Çişiýew bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu Karara anna güni gol çekdi.

Öň, D.Çişiýew «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işleýärdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçen giňişleýin mejlisinde ýurt Baştutany TNGIZT-iň şol wagtky baş direktory Batyr Amanowy döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläpdi.

Häzirki güne çenli iri kärhananyň baş direktory wezipesini toplumyň baş inženeri wagtlaýyn ýerine ýetirdi.

TNGIZT — nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça Türkmenistanyň iri kärhanasydyr. Toplumda etillendirilmedik awtobenzin, awiasion we tehniki kerosin, dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýaglary, polirpopilen, peç ýangyjy, ýeňil gazoýl, nebit koksy, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumy we ýurdumyzyň eksport potensialyny düzýän beýleki nebit önümleri öndürilýär.

TNGIZT-niň düzümine Türkmenbaşynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary, nebit önümlerini saklamak we ýüklemek boýunça Kenar kärhanasy we beýleki düzüm bölümleri degişlidir.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýylyň birinji ýarymynda 2 million 950 müň tonna golaý nebit çig malyny gaýtadan işläp, meýilnamany 103 göterim ýerine ýetirdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993