Daşoguz polimer zawodynda 3,25 mln manatlyk önüm önüm öndürildi

Daşoguz polimer zawodynda 3,25 mln manatlyk önüm önüm öndürildi

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz polimer zawodynda 2020-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 3 mln 242 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Kärhananyň önümleriniň hatarynda — dürli ölçegli turbalar, geçirijiler üçin detallar, öý hojalyklarynda giňden ulanylýan polimer önümleri bar. Hasabat döwründe zawodda 285,5 tonna polipropilen we polietilen turbalary öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 101 göterim ösüşi görkezdi.

Bu kärhana diametri 16-dan 315 millimetre çenli turbalaryň 23 görnüşini öndürýär. Zawodda halk hojalygynda ulanylýan elastik önümleriň, şeýle hem azyk önümçiligi üçin bir gezekleriň taralaryň önümçiliginiň möçberi artdy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993