22-nji iýulda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky çözgüt kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
BSG-niň Baş Geňeşine gatnaşyjy döwletler Türkmenistana BSG-niň synçysy derejesini bermek baradaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler, diýlip habarda bellenilýär.
Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Ýurduň bu derejä eýe bolmagy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşine, daşary söwda ulgamyndaky ornunyň pugtalanmagyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagyna, daşary ýurtlardan maýa goýumlaryny çekmäge we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer.
Gurama gatnaşyjy döwletleriň birnäçe wekili, şol sanda Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hindistanyň, Mongoliýanyň, Panamanyň, Paragwaýyň, Pakistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Urugwaýyň wekilleri Türkmenistanyň bu Gurama synçy hökmünde goşulyşmak başlangyjyny goldap çykyş etdiler.
Häzirki wagtda 164 döwlet BSG-niň agzasy bolup durýar. 24 ýurtda bu Guramanyň synçy derejesi bar. Türkmenistan synçy derejesindäki 25-nji döwlet boldy.