«Türkmennebit» DK-nyň «Gumdagnebit» nebit we gaz çykaryş müdirliginiň esasy önümçilik görkezijileri ýokarlanýar. Bu günki gün çig mal çykarylyşy bu ýerde öňdebaryjy depginlerde barýar.
Şu ýylyň geçen alty aýynda hereket edýän guýulardan çykarylan «gara altynyň» möçberi 174 müň 262 tonna deň boldy, ýarym ýyllyk meýilnama 117 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş 157 göterime deň boldy.
Müdirligiň hünärmenleri ýurdumyzyň nebitgaz känlerini özleşdirmekde uly tejribäni topladylar. Döwrebap tehnikalaryň we tehnologiýalaryň önümçilikde peýdalanylmagy nebitçilere uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny işjeňleşdirmäge we yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda müdirligiň nebitçileri Uzynada känini özleşdirmek boýunça iri möçberli işleri alyp barýarlar. Häzirki tapgyrda bu ýerde amala aşyrylýan işleri käniň çig mal binýadyny netijeli peýdalanmaga, şeýle hem ýerasty baýlyklaryň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Şu ýylyň başyndan bäri, iki sany has çuňlukdaky guýularyň plastlary işlenip taýýarlanyldy, olardan nebitiň senagat akymy alyndy.
Häzirki wagtda Ördekli käni hem işjeň ýagdaýda özleşdirilýär. Bu käni barlamak we işläp taýýarlamak boýunça işler nebitiň we gaz kondensatynyň goşmaça çykarylyşyny üpjün eder.