«Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşyk geçirildi

«Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşyk geçirildi

16-njy iýulda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşykda syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özarahereketler maslahatlaşyldy, diýip ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Mejlise Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Duşuşykda garalan esasy meseleleriň biri hem durmuşyň ähli taraplaryna oňaýsyz täsir edýän dünýädäki pandemiýa ýagdaýy boldy. Ministrler COVID-19 ýokanjyndan dörän hassalyklaryň öňüni almak we bejermek barada toplan tejribeleri barada gürrüň berdiler we pikir alyşdylar. Taraplar pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmek mümkinçiliklerine garadylar.

Öz çykyşynda, R.Meredow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini nygtap, onuň çäklerindäki maslahatlaşma gurallaryny kesgitlemegi teklip etdi. Ol serişde, ykdysadyýet we ylym-senagat taýdan giň mümkinçiliklere eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge has uly goşant goşup biljekdiklerini nygtady.

Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar hem-de BMG-niň meýdançasynda özara goldaw bermegiň ähmiýetini belläp geçdiler. Şeýle hem owgan meselelerine hem-de Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleriniň ilerledilmegine ýardam bermek mümkinçiliklerine garaldy.

Mundan başga-da, Ministrler energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, hem-de ylym we lukmançylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

Mejlisiň netijeleri boýunça taraplar «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky Daşary işler ministrleriň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen birinji duşuşygynyň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993