Naýyp gaz käninde 220/110/35 podstansiýasynyň düýpli abatlaýyş işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Abatlaýyş işlerine «Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň 60-dan gowrak hünärmenleri gatnaşýarlar.
Işgärleriň hünär derejesi dürli çylşyrymlykdaky tehniki ideg we abatlaýyş işlerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagta çenli podstansiýanyň düýpli abatlaýyş işleri 60 % ýerine ýetirildi.
Abatlaýyş işleriniň netijesinde elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy düýpli ýokarlanar, şeýle hem abatlaýyş işleri enjamlary we tehnologiýalary has kämillerine çalyşmaga mümkinçilik berer.
Bekediň ulanyşa girizilmegi Üňüzaňyrsy gazy gaýtadan işleýan senagatyň gaz we kondensat çykarylyşyny düýpli artdyrmaga mümkinçilik berer.