Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 19-njy fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň merkezi edaralarynyň düzüminde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Prezident nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, ony döwrüň talabyna laýyk getirmek baradaky wezipelere ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow dolandyryş ulgamy, sanly görnüşdäki guýularyň we känleriň, sanly düýpli gurluşyklaryň taslamalary bilen birlikde, nebitgaz pudagynda döwrebap IT-tehnologiýalaryň ulanylmagynyň döredýän geljegi barada aýtdy.

Nebitgaz toplumyny innowasion taýdan ösdürmek boýunça teklipleriň işlenilip taýýarlanylmagy we olaryň durmuşa geçirilmegi pudakda döredilýän täze düzümleriň işleriniň esasy ugurlary bolmalydyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993