Hytaý ýanwarda Merkezi Aziýadan 3,8 milliard kub metrden gowrak gaz satyn aldy

Hytaý ýanwarda Merkezi Aziýadan 3,8 milliard kub metrden gowrak gaz satyn aldy

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Merkezi Aziýa ― Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 3,87 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz akdyryldy, diýip  Sinhua habarlar gullugy Hytaýyň «PipeChina West Pipeline» nebitgaz kompaniýasyna salgylanyp habar berdi.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, geçen aýda gaz geçirijisiniň gündelik iň ýokary gaz üpjünçiligi 153 million kub metr boldy.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, Merkezi Aziýa — Hytaý turba geçirijisi arkaly gaz importy Hytaýyň ýyllyk tebigy gaz sarp edilişiniň 15 göteriminden gowragyny üpjün edýär. Bu turba geçiriji Hytaýyň 27 welaýatynda 500 million adamy «mawy ýangyç» bilen üpjün edýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993