Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli energetikasynyň 50%-ni gaza, galan bölegini bolsa — energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçirmegi meýilleşdirýär, diýip ýurduň energetika ministri, şazada Abdulaziz ben Salman Er-Riýadda Future Investment Intiatives forumynyň çäklerinde aýtdy, diýip Interfaks habar berýär.
«Gaýtadan dikeldilýän çeşmeler babatda biz ikinji Germaniýa bolarys» - diýip ol aýtdy.
Mundan öň, saud patyşalygy Gün elektrik energetikasy babatda uly meýilleriniň bardygyny beýan edipdi.
Netijede, şazadanyň belleýşi ýaly, nebitiň ulanylyşy azaldylyp, patyşalykda ony eksport etmäge has köp mümkinçilik peýda bolar.
Saud Arabystany şeýle hem energiýa tygşytlylygy boýunça maksatnamalary ornaşdyrýar we geljekde hem ornaşdyrmagy dowam etmegi meýilleşdirýär.
Häzirki wagtda Saud Arabystany nebit çykarmak boýunça dünýäde üçünji orunda durýar. Ol OPEC+ ylalaşygynyň çäklerinde 9 mln b/g nebit çykaryp, 6 mln b/g eksport edýär. Ylalaşykdan öň, 2018-nji ýylyň oktýabrynda ol 11 mln b/g çykaryp, 7 mln b/bg eksport edýärdi.