COVID-19 keselçiliginiň ýokary bolmagy we hereket edýän çäklendiriji çäreleriň netijesinde nebitiň bahalary çarşenbe güni aşak düşýär, diýip Interfaks habar berýär.
Islege bolan çaklamalaryň ýaramazlaşmagy ABŞ-da nebit ätiýaçlyklarynyň azalmagy hakynda ýakynda neşir edilen maglumatlaryň bazara eden täsiri bilen utgaşýar, diýip Bloomberg ýazýar.
«Brent» nebitiniň martdaky fýuçersleriniň bahasy penşenbe güni 55,45 dollara deň boldy. 27-nji ýanwarda geçirilen söwdalaryň barşynda onuň bahasy 55,81 dollardy.
WTI söwda belgili nebitiň bahasy 52,53 dollara deň boldy. Öňküsi gün ol 52,85 dollardan satyldy.
Bilermenleriň hasaplamagyna görä, islegiň artmagy bilen bagly köpsanly howatyrlanmalar bar. Hytaý häkimiýetleri raýatlaryny Aý senenamasy boýunça Täze ýyl mynasybetli baýramçylyklary wagtynda syýahat etmekden saklanmaga çagyrýar. Bu möwsüm ýylyň iň ýörgünli syýahatçylyk möwsümi bolup durýar. Bu bolsa islegiň derejesine täsir eder.
Kaliforniýada hereket edýän çäklendiriji çäreler zerarly soňky aýlarda Los-Anjelesde trafigiň aşaklamagy islegiň potensial pese düşmegine goşmaça sebäp boldy.