«Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri Demirgazyk Balguýy önümçilik böleginde geçen ýylda ýokary zähmet görkezijilerini gazandylar.
2020-nji ýylda promyselde 1 mlrd 706,2 mln kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründen artykdyr. Gaz kondensatynyň çykarylyşy hem artyp, 43,3 müň tonna barabar boldy.
Bu görkezijiler Lebap welaýatynyň gaz çykaryşyny ösdürmek we senagat mümkinçiliklerini artdyrmak üçin esas bolup durýar.