CNPC Türkmenistan bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýar

CNPC Türkmenistan bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýar

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) mundan beýläk-de tehnologik alyşmalary pugtalandyrmaga hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr diýip, “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Li Şulýan geçen anna güni «Malaý» käninde gurlan gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasynda belledi.

Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi bilen amala aşyrylan bu iri taslama şol gaz käniniň ikinji tapgyryna täze mümkinçilikleri açýar. Munuň özi bolsa gaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

“Malaý” gaz käniniň golaýynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäk ýerleşýär. Şol ýerde 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürdäki aýdyň beýanyna öwrülen Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisini resmi taýdan işe girizmek dabarasy boldy.

Häzirki wagta çenli “Türkmengaz” döwlet konserni we “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan ýataklardan hyzmatdaşlaryň bilelikdäki tagallasy bilen, Ýuwaş ummanynyň kenaryna çenli tebigy gazyň jemi 290 milliard kub metri iberildi.

Tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji orna we dünýäde dördünji orna eýe bolan Türkmenistan dünýäniň energetika döwletidir. Nebitgaz ulgamynda ählumumy we sebit derejesindäki hyzmatdaşlykda Türkmenistana möhüm orun degişlidir diýip, myhman aýtdy.

“CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berdi. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde ýokary depginler, uglewodorod serişdelerini gözlemekde we işläp taýýarlamakda, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermekde hem-de gazhimiýa senagatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993