Türkmenistanyň Prezidenti içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtobenzin, dizel ýangyjy we awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy.

Bu resminama “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Degişli resminamanyň taslamasyny wise-premýer M.Meredow 14-nji ýanwarda Lebap welaýatynyň Ruhyýet köşgünde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ornuny nygtap, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň, ýurdumyzda hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümlerini öndürmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany pudaklara serişdeleri tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi, energetika ulgamynyň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident degişli Karara gol çekip, bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993