«Baýramalyşähergaz» hojalyk kärhanasynyň gazçylary «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň önümçilik düzümleri bilen bilelikde 2021-nji ýyla ynamly gadam basdylar.
Gazçylar Mary welaýatynyň çägindäki gaz torlaryndan peýdalanmak, ýaşaýyş jaýlarynyň, kommunal we senagat desgalarynyň gaz enjamlaryny abatlamak we hyzmat etmek boýunça hyzmatlaryň giň toplumyny ýerine ýetirýärler.
Kärhananyň baş maksady — şäheriň gaz üpjünçilik ulgamlarynyň ählisiniň howpsuzlygyny, şeýle hem hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek bolup durýar. Häzirki wagtda hyzmat edilýän gaz geçirijileriň uzynlygy 230 kilometrden gowrakdyr, şol sanda 5 sany gazpaýlaýjy enjamlar, 109 sany gaz sazlaýjy nokatlar bar.
Geçen ýylyň ahyrynda ýaşaýyş jaýlaryň birine uzynlygy 200 metr bolan gaz geçirijisi çekildi, şeýle hem täze gaz sazlaýjy enjam ulanyşa girizildi. Daşarky gaz geçirijileriň howpsuzlygyny guramak, tehniki ideg işlerini ýokary hünär taýýarlykly ussalar, tehnikler we slesarlar ýerine ýetirýärler. Dispetçerlik gullugy gije-gündizleýin tertipde iş alyp barýar.
Kärhananyň zähmetkeş topary ýetilen sepgitde saklanman, depginli ösmek bilen, geljegi uly meýilnamalary we taslamalary durmuşa geçirýär.