Geçen şenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Taraplar hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça özara hereketleriň ýokary depginini tassykladylar. Döwletara syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de yzygiderli ösdürilýändigi bellenilip geçildi.
Söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýyl iki goňşy döwletiň özara hereketleriniň möhüm tapgyrlary, hususan-da iri infrastruktura taslamalarynyň ilerledilmegi ugrundaky tagallalary aýratyn nygtaldy, şonuň ýaly-da 2021-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Owganystanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýeti bilen duşuşygyň barşynda Aşraf Gani Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň elmydama dostlukly bolandygyny hem-de soňky birnäçe ýylda söwda, üstaryş daşamak, ykdysadyýet we syýasat ulgamlarynda düýpli ösüşiň gazanylandygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda taraplar bilelikdäki ykdysady taslamalary, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçiriji ulgamlarynyň we optiki-süýümli ulgamlaryň, şeýle hem Owganystanda demir ýoluň gurluşygyny maslahatlaşdylar.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli ylalaşdyryş Ýokary geňeşiniň başlygy doktor Abdulla Abdulla bilen hem duşuşygy geçirildi. Geňeşmeleriň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler.
Şol gün şeýle-de Howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-owgan bilelikdäki toparynyň 6-njy mejlisi hem geçirildi.
Mejlisiň barşynda häzirki döwrüň howplaryna, hususan-da terrorçylyga, ekstermizme, kiber hüjümlerine we wehimleriň beýleki görnüşlerine garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikirler alşyldy. Ýurtlaryň ikisiniň hem serhetýaka hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, maglumat howpsuzlygyny saklamaga taýýarlyklary beýan edildi.