2021-nji ýylyň şygary: «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

2021-nji ýylyň şygary: «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa çarşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda geljek ýyly “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek teklibini we Täze ýylyň nyşanynyň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi. Täze ýylyň şygarynyň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2021-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama gabat gelýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow teklip edilýän geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny makullady we olaryň metbugatda we teleýaýlymlarda ýerleşdirmek barada tabşyryk berdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993