«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşykçylary üçin 214 müň metrden ybarat bolan ýokary basyşly polietilen turbalary (diametri 225 millimetr) öndürmek boýunça sargydy ýerine ýetirdi. Kompaniýanyň turba önümleri gurluşyk meýdançalarynda suw üpjünçiligini berjaý etmek, tehniki zerurlyklary we gaz geçiriji turbany gurýan tehniki işgärleriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ulanylar.
Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat toplumynda ýerleşýän zawodynda diametri 110-630 millimetrden ybarat bolan polietilen we polipropilen suw geçiriji we lagym turbalary öndürilýär. Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada her gün diametrine baglylykda 200 metrden 1000 metre çenli polimer turbalar öndürilýär.
Önümçilikde ulanylýan çig malyň aglaba bölegi Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumyndan getirilýär.
Iri halkara taslamasyny durmuşa geçirmekde «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmen enjan» HJ bilen hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny toplumlaýyn peýdalanmaklyga hem-de hili babatda dünýäniň beýleki döwletlerinde öndürilýän taýýar önümleriň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmaklyga gönükdirilen importyň ornuny tutmak boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň oňyn subutnamasydyr.