11 aýda Türkmenistanyň gazyň we nebit önümleriniň eksportyndan girdejileri 4 mlrd dollardan geçdi

11 aýda Türkmenistanyň gazyň we nebit önümleriniň eksportyndan girdejileri 4 mlrd dollardan geçdi

Türkmenistanyň tebigy gazyň we nebithimiýa önümleriniň eksportyndan alan girdejileri 2020-nji ýylyň 11 aýynda 4,13 mlrd amerikan dollaryndan geçdi. Geçen döwürde 8,7 mln tonna nebit we gaz kondensaty, şeýle hem 62,3 mlrd kub metr gaz çykaryldy. 31 mlrd kub metrden gowrak «mawy ýangyç» eksporta iberildi.

Şu ýylyň 11 aýynda nebitgaz pudagy tarapyndan özleşdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberi 7,1 milliard manada deň boldy, bu bolsa 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 492 million manat köpdür.

Daşary ýurtlarda durnukly islegden peýdalanýan suwuklandyrylan gazyň önümçilik möçberleri 231 müň tonna deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründen 42,3 müň tonna artykdyr.

Ýanwar-noýabr aýlarynda  Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 1,7 million tonnadan gowrak dürli kysymly awtobenzin we 1,65 million tonnadan gowrak dizel ýangyjy öndürildi. Bu önümleriň aglaba bölegi daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan satyldy.

Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polietileniň satuwy ýylyň başyndan bäri, 3 esseden gowrak ýokarlandy. Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çog mal biržasynyň üsti bilen bu önümiň 140 müň tonnasy satyldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 95 müň tonna artykdyr.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993