Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny uly üstünliklere beslän halkymyz täze 2021-nji ýyly garşylaýar. Geçen hepdede paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýagşy umytlaryň we arzuwlaryň baýramy bolan Täze ýylyň baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi.
«Älem» medeni-dynç alyş merkezi paýtagtlylaryň we onuň myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli ýeri hasaplanylýar. Merkeziň çagalara niýetlenilen oýun we güýmenje zallary, aýratynam çagalary we ýetginjekleri özüne çekýär. Täze ýylyň golaýlamagy bilen bu ýeriniň şatlyk-şowhuny has-da artýar. Bilşimiz ýaly, «Älemde» ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň baş arçasyny gurnamak asylly däbe öwrüldi. Bu ýyl hem däbe öwrülen ýörelgä eýerildi. Geçen hepdede Aýazbaba bilen Garpamygyň gatnaşmagynda ýokarda agzalan merkeziň öňünde gurnalan baş arçanyň yşyklary ýakyldy. Täsin yşyklar nur çaýyp, töweregiň gözelligine gözellik goşdy. Baş arçanyň golaýyndaky meýdançada ýaýbaňlandyrylan ertekiler dünýäsiniň şäherjigi täze ýyl dabaralaryna mahsus baýramçylyk keşbini emele getirdi. Şol gün şaýollaryň we köçeleriň ugrundaky, myhmanhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň golaýyndaky baglarda gurnalan çyralar dürli reňkler bilen şöhle saçyp, abadan şäheriň baýramçylyk ruhunyň üstüni ýetirdi.