AÖB-niň wekilleri Türkmenistan bilen TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

AÖB-niň wekilleri Türkmenistan bilen TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşykda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Aziýanyň ösüş bankynyň köpsanly wekiliýetine Werner Lipak, Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory baştutanlyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň, şol sanda energetika, ulag, şeýle hem hususy eýeçiligi ösdürmek we maýa goýum ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada bellenildi.

Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlarynyň ykdysadyýetini dikeltmek nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm bolup durýan ulag-üstaşyr gatnawlarynyň kämilleşdirilmegine ygrarlydy barada nygtalyp geçildi. “Demirgazyk–Günorta” demirýolunyň bilelikde durmuşa geçirilmegi hem-de elektroenergiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar dowam edýän taslamalaryň amala aşyrylyşyna seredip geçdiler we geljekki ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny tassykladylar.

Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça geçirilen Ženewa maslahatynda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň çägindäki gurluşygyna başlajakdygyny habar berdi.

Bu taslama Russiýada, ABŞ-da we dünýäniň beýleki ençeme döwletlerinde giňden goldaw tapdy. TOPH taslamasyny maliýeleşdirmek işine gatnaşmak meýilleri barada AÖB, ÝTÖB, YÖB, Saud ösüş gaznasy we beýlekiler habar berdiler. Deslapky hasaplamalar boýunça taslamanyň umumy bahasy 8-10 mlrd dollar töweregi bolar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993