Çarşenbe güni onlaýn görnüşinde geçirilen «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümetiniň ABŞ bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ygrarlylygyny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Jonatan Henik, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary – geňeşiň agzalary gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurlygy barada aýdylyp, maýa goýum, tehnologiýa we maliýe ugurlarynyň onda ýörite orun eýeleýändigi nygtaldy.
R.Meredow köp ýylyň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna goşan oňyn goşandy barada belläp geçdi. «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklarynyň ilerledilmegindäki ähmiýeti agzaldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2008-nji ýylda döredilen bu Işewürlik geňeşi Türkmenistanyň we ABŞ-nyň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we giňeldilmegi ugrunda netijeli gurala öwrüldi.
Geňeşiň mejlisleri her ýyl Aşgabat şäherinde ýa-da ABŞ-nyň şäherlerinde geçirilýär. Işewürlik geňeşi birnäçe gezek iri işewürlik maslahatlaryň we sergileriň gurnaýjysy bolup çykyş etdi. Olaryň dowamynda abraýly amerikan öndürijileriniň önümleri, şol sanda amerikan kompaniýalarynyň türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk boýunça meýilnamalary görkezildi.
Mejlisiň çäklerinde amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, oba hojalyk we bank ulgamynyň ýolbaşçylary bilen aýratyn onlaýn duşuşyklary geçirildi.