«Bagaja» käninde gazy gaýtadan işlemegiň möçberleri artýar

«Bagaja» käninde gazy gaýtadan işlemegiň möçberleri artýar

Lebabyň suwuklandyrylan gaz önümçiligi boýunça «Gazygaýtadanişleýiş» önümçilik müdirliginiň işgärleri «Bagaja» känindäki desgalarda tebigy gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemegiň mümkinçiliklerini ynamly artdyrýarlar.

2020-nji ýylyň 11 aýynda gazy gaýtadan işleýjileriň tagallalary bilen 8 müň 315 tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi, şunuň bilen birlikde, meýilnama 110% ýerine ýetirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli artykdyr.

Ýokary netijeler şeýle hem gaz kondensatyny öndürmekde hem gazanyldy. Hasabat döwründe Seýdiniň gazy gaýtadan işleýän zawodyna 24,5 müň tonna gaz kondensaty iberildi. Şol bir wagtda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 148%-e deň boldy.

Şular ýaly ajaýyp netijeler işçileriň sazlaşykly zähmetiniň hem-de toplumyň kärhanalarynda oturdylan häzirki zaman enjamlarynyň netijeli peýdalanylmagynyň netijesi bolup durýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993