Türkmenistanda nebitiň sarp edilişi durnukly ösýär — Eni

Türkmenistanda nebitiň sarp edilişi durnukly ösýär — Eni

Türkmenistanyň içerki bazarlarynda nebitiň sarp edilişiniň depgini durnukly ýagdaýda ösýär. Bu barada Eni italýan nebitgaz kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan World Oil Review 2020 hasabatynda aýdylýar.

Syna laýyklykda, 2015-nji ýylda Türkmenistanda nebitiň sarp edilişi günde 151 müň barrele, 2016-njy ýylda – 149 müň, 2017-nji ýylda – 150 müň, 2018-nji ýylda – 157 müň barrele deň boldy. 2019-njy ýylda bu görkeziji günde 165 müň barrele çenli ýokarlandy.

Eni kompaniýasynyň şeýle hem bellemegine görä, Türkmenistan nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, uglewodorod çig malynyň çuňlaşdyrylyp gaýtadan işlenilmegini üpjün edýän öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, kärhanalary döwrebap hem häzirki zaman tehnikalar bilen enjamlaşdyrmaga uly maýa goýumlaryny gönükdirýär.

Bularyň ählisi ýokary hilli,  gowulandyrylan ekologik häsiýetnamaly hem-de dünýä standartlaryna laýyk gelýän nebit önümleriniň we gazhimiýa önümleriniň önümçiligini ýola goýmaga we daşky gurşawa zyýanly zyňyndylaryň derejesini peseltmäge mümkinçilik berýär.

Hasabatda şeýle hem bellenilişi ýaly, 2010-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň nebit gorlary 600 million barrel derejede durnukly ýagdaýda saklanyp gelýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993