2020-nji ýylyň geçen 11 aýynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň nebitgaz guýularyny berkitmek boýunça hojalyk hasaplaşygyndaky müdirligi tarapyndan ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeler 85 million 866 müň manada barabar boldy. Şol bir wagtda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 180,7% deň boldy
Müdirligiň işgärleri Goturdepe, barsagelmez, Uzynada, Nebitdag, Gumdag, Nebitlije, Ördekli, Keýkir, Kemer, Akpatlawuk, Ýylakly, Mydar, Ýaşyldepe känleriniň çäklerinde nebitgaz guýularyny sementlemek boýunça işleri geçirýärler.
Mundan başga-da, müdirligiň işgärleri işleriň beýleki görnüşleriniň hem giň toplumyny ýerine ýetirýärler, şol sanda: guýularda kontr önümleri sementlemek, sementiň sütün bilen ygtybarly berkidilmegi, guýulary burawlamak we abatlamak, sement köprülerini we nebit wannalaryny oturtmak, obsadka sütünlerini berkitmek we plastlary işlemek. Şeýle hem plastlaryň arasyndaky akymlaryň ýokary hilli gözegçiligi amala aşyrylýar.
Müdirligiň ygtyýarynda 154 töweregi tehnika bolup, ýükleri daşamak gullugy ýola goýuldy.
2020-nji ýylyň başynda bäri, müdirlik boýunça 31 sany sazlaýjy, 46 sany konduktor, 51 sany tehniki sütünler, 61 sany ulanyş sütünleri abatlanyldy.