HNGU-nyň talyplary okuw trenažýorlaryny özleşdirýärler

HNGU-nyň talyplary okuw trenažýorlaryny özleşdirýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň ýokary hilli bilim almaklary üçin professor-mugallymlar düzüminiň tagallalary bilen zerur şertleriň ählisi döredildi. Nebit we gaz fakultetiniň barlaghanasy saýlap alan hünäriňi çuňlaşdyryp özleşdirmek üçin iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Şu ýylda uniwersitetde «Nebitgaz işi» ugry boýunça magistrlik okuwlary ýola goýuldy. Uniwersitetiň professorlarynyň hem-de mugallymlarynyň baş wezipesi — nebitgaz ýataklaryny gözlemek, olaryň gözlegini we işlenip taýýarlanylmagyny meýilleşdirmek bilen bagly häzirki zaman wezipeleriniň toplumyny çözmäge ukyply halkara derejeli ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar.

«Buraw desgalarynyň enjamlary» fakultetiniň barlaghanasynda “Drilling sistems” okuw trenažýorlarynyň toplumy ornaşdyrylan. Bu trenažýorlaryň esasy artykmaçlygy olaryň buraw desgalarynyň dolandyryş we barlag-ölçeg dolandyryş enjamlary bilen meňzeşligidir.

Toplumyň maksatnama üpjünçiligi gury ýerde bolşy ýaly, deňizde ýerleşen guýularda buraw işlerini ýerine ýetirmekligi öwrenmeklige niýetlenendir.

HNGU-nyň magistrantlary hususy okuw we usuly gollanmalary bilen üpjün edilýär. Okuw dersleri we özbaşdak işler kompýuterleşdirilen otaglarda geçirilýär. diňleýjiler bilen okuwlary hünär başarnygynyň ýokary derejesine, ýokary bilim ulgamynda baý iş tejribesine eýe bolan HNGU-nyň öňdebaryjy mugallymlary geçirýärler.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993