TOPH-nyň owgan bölegindäki gurluşyk işleri 2021-nji ýylda Hyratda başlanar

TOPH-nyň owgan bölegindäki gurluşyk işleri 2021-nji ýylda Hyratda başlanar

Geljek ýylda Hyratda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde gurluşyk işleri başlanar. Bu barada Owganystanyň şahtalar we nebit senagaty ministri Garun Çahansuri metbugat maslahatynda aýtdy, diýip owgan habar beriş serişdeleri belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, eýýäm taslama gatnaşýan döwlet düzümleriniň we halkara guramalarynyň — TOPH-nyň hyzmatdaşlarynyň netili özara hereket guraly işlenip düzüldi.

Çahansuriniň belleýşi ýaly, owgan häkimiýeti ýurduň demirgazygynda Şibargan – Mazary-Şarif gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünde işleýärler. Onuň uzynlygy 94,5 kilometr bolup, ýakyn üç aýda onuň gurluşygyna başlanar.

Öň habar berlişi ýaly, noýabrda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Ženewada onlaýn görnüşde, Owganystan boýunça ýokary derejeli maslahatyň plenar mejlisinde eden çykyşynda türkmen hökümetiniň TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegindäki gurluşyk işlerini şu ýyl tamamlamagy, geljek ýylda bolsa Owganystanyň çäginde gurluşyga başlamagy meýilleşdirýändigini belledi. 

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993