OPEC+ ministrleri penşenbe güni 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, nebitiň çykarylyşyny günde 0,5 mln barrel möçberde artdyrmak çözgüdini makulladylar. Duşuşyklar her aýda geçiriler, diýip OPEC-däki çeşmeler habar berdi. Muny TASS ýetirýär.
«Nebitiň çykarylyşyny günde 0,5 mln barrel artdyrmaklygy goldadylar. Bazardaky ýagdýy gözegçilikde saklamak üçin duşuşyklar her aýda geçiriler. Ýanwardan başlap, bazardaky şertlere baglylykda, nebitiň çykarylyşy günde 0,5 mln barrel artdyrylar» - diýlip bellenilýär.
Jemlenilende, ýanwarda OPEC+ 2018-nji ýylyň oktýabryndaky derejeden önümçiligi 7,2 mln barrel azaldar, şol bir wagtda ylalaşygyň ilkibaşdaky şertleri 5,8 mln barrel azaltmagy göz öňünde tutýardy.
«OPEC+ ýurtlarynyň seresaply hem-de kiçi ädimler bilen hereket etmek hakynda çözgüt kabul etmegi bazary begendirýär. Geljekde nämälimligi nazara alsaň, bu paýhasly çözgüt. Nebite bolan islegiň artmagy bilen teklibi çäklendirmek isleginiň hem gowşaýandygy üýtgewsiz şert bolup durýar» - diýip IHS Markets-yň analiti Wiktor Şum (Victor Shum) Blumberg agentligine aýtdy.
Anna güni nebit bazarynda bellei bir ösüş boldy. Ol penşenbe güni geçen OPEC+ mejlisiniň netijelerine esaslandy. Irden nebitiň bahalary ynamly ösdi: «Brent» 50 dollara golaýlady. «Brentiň» fewraldaky fýuçersleriniň bahasy 1,95% artyp, 49,66 dollar, WTI-niň ýanwardaky fýuçersleri 1,69% artyp, 46,41 dollara ýetdi.