Türkmenistan ÝHHG-ni Merkezi Aziýada hem-de Hazarda energetikany we ulagy ösdürmäge çagyrýar

Türkmenistan ÝHHG-ni Merkezi Aziýada hem-de Hazarda energetikany we ulagy ösdürmäge çagyrýar

Türkmenistan ÝHHG-ni Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitleriniň energo mümkinçiliklerini hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgelerini ösdürmäge çagyrdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynň habar bermegine görä, bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow 3-nji dekabrynda Albaniýa Respublikasynyň paýtagty Tiranada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisinde belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow halkara syýasatynda ähmiýetli orun eýeleýän Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Hususan-da, bütin ÝHHG sebitiniň döwletleri üçin giň ykdysady we syýasy mümkinçilikleri açýan bu sebitleriň energo mümkinçilikleri hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgeleri hakynda gürrüň edildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ÝHHG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň – Durnukly energetika boýunça Geňeşiniň hem-de Ulag syýasaty boýunça komissiýasynyň döredilmegi baradaky teklibiniň maksadalaýyklygy ýene-de bir gezek bellenilip geçildi.

Energetika ulgamynyň Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Türkmenistan gyzyklanmalaryň deňagramlylygyna hem-de özara hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegine esaslanan ÝHHG-niň işiniň bitewi ugrunyň kemala getirilmegine itergi berjek hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli bolan gurallarynyň ornaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändir.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993