«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze, häzirki zaman önümçiliklerini döretmegiň hasabyna onuň infrastrukturasyny giňeltmeklige ugur aldyk. Bu ugurda tebigy gazy gaýtadan işläp, ýurdumyza daşyndan getirilýän zerur önümleriň täze görnüşlerini öz Diýarymyzda öndürmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
Milli Liderimiziň öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzyň azyk, senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, oba hojalygynda, lukmançylykda hem-de durmuşda ulanylýan harytlaryň önümçiligini ýola goýmakda giňden peýdalanylýan önümleriň ýüzlerçe görnüşini işläp taýýarlamagyň esasyny düzýän polimerleri öndürmek boýunça iri toplumlaryň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Önümçiliginde öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyryljak şeýle iri önümçilikleriň birini — kauçuk we polistirol öndürmek boýunça gazhimiýa toplumyny ýurdumyzyň Lebap welaýatynda gurmak göz öňünde tutulýar.