Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän deňsiz-taýsyz çäreler netijesinde tebigy gaz halkymyzyň bagtyýarlygyna, ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine hyzmat edýär. Öňde goýlan maksatnamalary amala aşyrmak üçin kuwwatly gaz geçirijiler çekilýär, ozaldan hereket edýänleriniň bolsa durky düýpli täzelenilýär. Şeýle il bähbitli, ýurt ähmiýetli möhüm işlere «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň başarjaň hem-de janypkeş gurluşykçylary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda olaryň iş gadamlary has-da batly.
— Biz golaýda Sakar — Kerki ýokary basyşly gaz geçirijisiniň 190-195-nji kilometrliginde durkuny täzeleýiş işlerini ýerine ýetirdik. Häzirki günlerde bolsa Kerki — Hatap — Mürzebeg gala ýokary basyşly gaz geçirijisinde degişli işleri alyp barýarys. Durkuny täzeleýiş işlerini 57 kilometr aralykda geçirmek meýilleşdirilýär. Biz bu buýurmany hem gowy hilli, bellenilen möhletinde tamamlamak ugrunda uly tagallalary edýäris. Ol bolsa etrabyň obalarynyň birnäçesiniň ilatynyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini has gowulandyrmaga ýardam berer — diýip, trestiň ýörite gurnama kärhanasynyň iş öndürijisi Jumabaý Jumagylyjow gürrüň berýär.