Türkmenistan sebitde maýa goýum şertleriniň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär, «Täze Demirgazyk Ykdysady syýasat» başlangyjyny goldaýar, bu barada Türkmenistanyň wise-premýer, Daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisinde wideoýüzlenmesinde belledi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyň barşynda beýan edildi. Ministr R.Meredow «Koreýa Respublikasynyň bu başlangyjy köp babatda «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» konsepsiýasy bilen sazlaşyklydyr», diýip belläp geçdi.
Mejlisiň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň syýasy-diplomatik ugry, şeýle-de söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebit we global derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen halkara gurallarynyň ilerledilmegi babatynda nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini belläp geçdiler.
Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Niýazliýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Kan Gýon Hua dagylar hem çykyş etdiler.
Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisiniň Bilelikdäki beýannamasyny we Forumyň Sekretariatynyň 2021-nji ýyl Meýilnamasyny kabul etdiler.