Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, 2020-nji ýylyň 1-12-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergisini we onuň çäklerindäki çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.