Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Türkmen-britan söwda-ykdysady mejlisinde ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, britan tarapyndan – Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Nikolson, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hýu Stenli Filpott, şeýle hem «JCB Sales Limited» kompaniýasynyň Dolandyryjy direktory Den Tompstoun gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi we çuňlaşdyrylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, söwda-ykdysady, maliýe hyzmatdaşlygy hem-de işewürlik gatnaşyklaryň berkidilmegi boýunça meselelere seredilip geçildi.
Mundan başga-da mejlisiň barşynda britan tarapy Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, şol sanda britan kompaniýalarynyň bilelikdäki taslamalara gatnaşmaklaryna gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösdürilmegine gönükdirilen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.