OPEC+ Tehniki geňeşi ministrlere nebit çykarylyşyny artdyrmagy 3-6 aý yza çekmäge garamagy teklip etdi - HBS

OPEC+ Tehniki geňeşi ministrlere nebit çykarylyşyny artdyrmagy 3-6 aý yza çekmäge garamagy teklip etdi - HBS

Sişenbe güni OPEC+ gözegçilik geňeşiniň ministrleri nebit bazarynyň geljegini we 2021-nji ýyldan başlap nebit çykarylyşyny günde 2 mln barrel artdyryp başlamak boýunça meýilleşdirilen çäreleri 3-6 aý yza süýşürmek mümkinçiligini maslahatlaşarlar, diýip Interfaks habar berýär.

OPEC+ tehniki geňeşiniň bilermenleri duşenbe güni geçirilen mejlisde ministrlere2021-nji ýylyň ýanwaryndan meýilleşdirilen nebit çykarylyşyny artdyrmazlyk mümkinçiligine, şeýle hem ony 3-6 aý yza süýşürmek mümkinçiligine garamagy teklip etdim diýip Bloomberg agentligi çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Bilermenler nebit bazary üçin howp görýärler, çünki dikeldiş çäreleri garaşylyşyndan haýal gidýär.

OPEC we OPEC+ döwletleri şu ýylyň aprel aýynda koronawirus pandemiýasy zerarly nebite bolan islegiň dört esse aşak gaçmagy netijesinde onuň çykarylyşyny ylalaşykly çäklendirmek hakynda karar kabul etdiler.

Çözgüt iki ýyl möhlet bilen, ýöne önümçiligi yzygiderli artdyrmak mümkinçiligi bilen kabul edildi. Şeýlelikde, eger-de maý-iýun aýlarynda çäklendirmeler 2018-nji ýylyň oktýabryndakydan 9,7 mln barrele deň bolmaly bolan bolsa (şol bir wagtda Russiýa we Saud Arabystany üçin hasaplamak üçin aýratyn binýatlar bellenildi – 11 mln b/g), iýul aýyndan önümçiligi 2 mln b/g (bu ýokarlandyrma awgusta süýşürildi), 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan bolsa ýene-de 2 mln b/g artdyryp, bu derejäni 2022-nji ýylyň maýyna çenli saklamaklyk göz öňüne tutulýardy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993