Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň paýtagtynyň günbatar böleginde Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly binalaryň iri toplumy açyldy.
Bu ýerde belent ýaşaýyş jaýlary guruldy, zerur bolan ýol-ulag düzümi döredildi. Aýlawly awtomobil ýol düzüminiň merkezini «Türkmen alabaýy» binasy bezedi. Şäheriň şu böleginde şeýle hem «Gül zemin» söwda-medeni dynç alyş merkezi guruldy.
Täze ýaşaýyş toplumynda 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi, şolaryň hemmesi ähli ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýlerdir. Dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň 1008 maşgalasy Aşgabadyň täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny aldylar. Munuň özi 5 müňden gowrak adama barabardyr.
Binalaryň buýrujylary hökmünde, Aşgabat şäher häkimligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleri, pudaklaýyn edaralary, guramalary, şol sanda — «Türkmengaz» döwlet konserni çykyş etdiler.