202-nji ýylyň başyndan bäri Seýdiniň NGIZ 23 müň 840 tonna agyr wakuum gazoýly eksporta iberildi. Soňky ýyllarda bu önüm, zawodda öndürilýän ýol bitumy ýaly daşary ýurtly sarp edijileriniň arasynda uly islegden peýdalanýar.
Kärhana çig nebitden we gaz kondensatyndan öndürilýän dürli önümleriň eksport möçberlerini yzygiderli artdyrýar. Netijede benzin, dizel ýangyjy, mazut üstünlikli eksport edilýär.
Zawodda önümçiligi döwrebaplaşdyrmak boýunça maksadalaýyk işler geçirilýär. «Westport Trading Europe Limited» amerikan kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, 2015-nji ýylda bu ýerde ýol bitumyny öndürmek boýunça awtomatlaşdyrylan iň kämil desga işe girizildi.
Işe girizilen bu desga diňe bir ýol bitumyny däl, eýsem, agyr wakuum gazoýlyny öndürmäge hem mümkinçilik berýär. Galyberse-de, bu önüm ýokary hilli çalgy ýaglarynyň dürli görnüşlerini öndürmekde esasy çig mal bolup durýar.