Paýtagtymyz baýramçylyk lybasyna beslenýär

Paýtagtymyz baýramçylyk lybasyna beslenýär

Şu ýyl türkmen halky üçin aýratyn, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak ýyl bolar. Çünki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilenine şanly 25 ýyl dolýar. Günler bizi bu şöhratly senä golaýlaşdyrdygyça, ýurdumyzyň şäherlerinde, hususan-da, gözel paýtagtymyz Aşgabatda baýramçylyk alamatlary has äşgär duýulýar. Bu baýramçylygyň ýokary derejede bellenilmegi hakyky taryhy waka öwrülip, Türkmenistanyň bütin dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz ýylyň bütin dowamynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak bilen, bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berýär. Gahryman Arkadagymyzyň 22-nji oktýabrda geçiren iş maslahatynda hem bu şanly sene mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy ýokarda aýdanlarymyzy doly tassyklaýar. Iş maslahatynda milli Liderimiz Türkmenistanyň paýtagtynyň döwrebap, sazlaşykly ösýän şäheriň özboluşly nusgasyny özünde jemleýändigini bellände müň kerem mamladyr. Ak mermerli Aşgabat milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993