2020-nji ýylda Türkmenistanda ýurduň bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ähli ýerlerde saýaly we miweli agaç nahallarynyň, şeýle hem üzümiň 25 million sanysy ekiler. Agaç nahallarynyň bir bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 7-nji noýabrda geçirilen ählihalk bag ekiş çäresiniň barşynda ekildi.
Çäräniň dowamynda döwlet Baştutany sosna nahallarynyň 30 düýbüni oturtdy. Şunça düýp nahallaryň ekilmeginde çuňňur many bar, çünki munuň özi mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna giňden taýýarlyk görmegiň başynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.
Çärä şeýle-de ýurduň Hökümetiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şol sanda köpsanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Ählihalk ýowarynda çärä gatnaşanlaryň her biri her bir ýaşaýjysy 30 agaç nahalyny ekdi.