Ýanwar-oktýabr aýlary boýunça ýangyç-energetika toplumynyň işiniň jemleri Hökümet mejlisinde maslahatlaşyldy

Ýanwar-oktýabr aýlary boýunça ýangyç-energetika toplumynyň işiniň jemleri Hökümet mejlisinde maslahatlaşyldy

Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanyna nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, gözegçilik edýän ulgamlarynda on aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçen on aýda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy boýunça meýilnamanyň 101 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,4 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 107,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek baradaky meýilnamanyň 106,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak baradaky meýilnamanyň 100,1 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça meýilnamanyň 100,2 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek baradaky meýilnamanyň 106,2 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Suwuklandyrylan gaz önümçiliginiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 123,6 göterime barabar boldy.

Prezident hasabaty diňläp, wise-premýere ýüzlenip, ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow pudakda öndürilýän önümleriň we tebigy gazyň eksportyny artdyrmalydygyny, zawodlaryň kuwwatlyklarynyň doly ulanylmalydygyny, nebitgaz toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça anyk çäreleriň görülmelidigini nygtady.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga, şeýle hem uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän täze desgalary gurmaga degişli tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýyny giňişleýin seljermegi tabşyrdy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993