Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini geçen on aýda 5,8% ýokarlandy. Muňa milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň geçen on aýyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlanyp, geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.
Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim köpeldi. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 18,9 göterim ýokarlandy.
Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 87,4 göterim ýerine ýetirildi. On aýyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,3 göterim köpeldi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň mukdary 25 milliard manada deň boldy.
Döwlet Baştutany şu ýylyň on aýynyň jemini jemläp, onuň ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny görkezýändigini belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, öňküsi ýaly, ýokary ösüş depginleri saklanyp galýar. Kesgitlenen tabşyryklaryň çäklerinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önümçiligiň möçberleri artdy, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri ýokarlandyryldy. Köp sanly önümçilik we durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Häzirki döwür bizden ykdysadyýetiň sazlaşykly işini bozman, onuň ösüşini işjeňleşdirmek hem-de dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere garamazdan, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini gazanmak üçin gyssagly çäreleri görmegi talap edýär. Biziň öňümizde şu ýyl gazanan ösüş depginimizi saklap galmak hem-de geljek ýylda ony has-da artdyrmak wezipesi durýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip we mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýylyň tamamlanmagyna bir ýarym aýyň galandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen üstünlikli jemlemek hem-de täze 2021-nji ýyly gowy netijeler bilen garşylamak üçin, biz galan wagtyň dowamynda köp meseleleri çözmelidiris.
Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem bir aýyň dowamynda 2020 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek strategiýasyny tassyklamaga bermegi we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde hususylaşdyrmak hakyndaky kanunlarymyzy täzelemegi tabşyrdy.