«Lebapgazçykaryş» Naýyp käninde elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar

16:11 26.08.2020 1462

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/286/original-15f1026d631c21.jpeg

Naýyp gaz käninde 220/110/35 podstansiýasynyň düýpli abatlaýyş işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Abatlaýyş işlerine «Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň 60-dan gowrak hünärmenleri gatnaşýarlar.

Işgärleriň hünär derejesi dürli çylşyrymlykdaky tehniki ideg we abatlaýyş işlerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagta çenli podstansiýanyň düýpli abatlaýyş işleri 60 % ýerine ýetirildi.

Abatlaýyş işleriniň netijesinde elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy düýpli ýokarlanar, şeýle hem abatlaýyş işleri enjamlary we tehnologiýalary has kämillerine çalyşmaga mümkinçilik berer.

Bekediň ulanyşa girizilmegi Üňüzaňyrsy gazy gaýtadan işleýan senagatyň gaz we kondensat çykarylyşyny düýpli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Başga makalalar
164058d66768bb.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-fewral boýunça jemleri jemlenildi

Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň işiniň jemleri jemlenildi.


160f5254338b85.png
TNGIZT-de öndürilen dizel ýangyjy we awiakerosin birža söwdalarynyň özenini düzdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.


164058dac846ce.jpeg
Ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejesinde saklanýar

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini ýylyň ilkinji iki aýynda 6,2% derejesinde saklanýar. Munuň özi ýurdumyzyň depginli ösüşine şaýatlyk edýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýynyň jemlerine bagyşlap geçiren Hökümet mejlisinde belledi.


160f525b628142.jpeg
Russiýa TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär – RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy

Russiýa Türkmenistan – Owganystan – Pkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow geçen anna güni Daşkentde geçirilen «Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler» atly ýokary derejeli halkara maslahatda belledi.