«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümlerinde plastik turbalaryň kömegi bilen abatlaýyş işleri geçirilen nebitgaz guýularyny işe girizmek boýunça işler ýaýbaňlandyrylýar.
Şu ýylyň başyndan bäri bu işleriň çäklerinde 142 sany guýy abatlanylyp, gaýtadan işe girizildi. Bu bellenilen meýilnamadan 26 guýy artykdyr.
Önüm bermesini bes eden guýulary işe girizmeklik konserniň nebit promysellerinde uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň möçberini artdyrmak boýunça işiň wajyp bölegi bolup durýar.