«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň 2021-nji ýyldaky birinji sany çapdan çykdy.
Žurnalyň ilkinji sahypalarynda geçen ýylyň jemi boýunça Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň pudaklarynda, hususan-da, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernlerinde, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gazanylan netijelere gysgaça syn berilýär.
Žurnalyň bu gezekki sanynda öňdebaryjy bilermenleriň garaýyşlary, häzirki ýagdaýlara berýän seljermeleri, çaklamalary, statistiki maglumatlar we deliller bilen tanşyp bolýar, täze tehnologiýalar we döwrebap enjamlar barada, şeýle hem türkmen alymlarynyň alyp barýan barlag işleri barada bilim bolýar.
Žurnaldaky makalalar tebigy gazy gaýtadan işlemegiň innowasion usullaryna, uglewodorodlary çykarmagyň, känleri we plastlary işläp taýýarlamagyň kämilleşdirilen usullaryna bagyşlanandyr.
Žurnalda ylmy işgärleriň makalalary hünärmenlerde bolşy ýaly, okyjylaryň giň köpçüliginde hem gyzyklanma döredip biler.
Gysgaça aýdylanda, nebitgaz toplumynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny açyp görkezýän ýörite neşirde milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda öňde duran wezipeler we alnyp barylýan işler, alymlaryň we hünärmenleriň pikirleri, seljermeleri, ylmy esaslara daýanýan çaklamalary beýan edilýär.