Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda

Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda

25-nji noýabrda Nebitgaz toplumynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ermenistan Respublikasynyň çäk dolandyryş we infrastruktura ministri Dawit Hudatýanyň başlyklygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet agzalary gatnaşdylar.

Toparyň türkmen we ermeni taraplaryndan başlyklary duşuşygy açyp, häzirki döwürde ýurtlarymyzyň arasynda netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak üçin berk binýady döredýär.

Gün tertibine hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri girizildi. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag, şertnama-hukuk ulgamy şunda ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi.

Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça bitirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar uglewodorod serişdeleriniň, elektrik energiýasynyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlaryna ähmiýet berdiler.

Ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň meseleleri gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň esasy mazmunyny düzdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekilip, onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin anyk ädimler kesgitlenildi.

Nebitgaz №47
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№47

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 24-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993