18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Prezidiumyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar, diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň gün tertibine «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny» amala aşyrmak, «Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamak, 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak we beýleki soraglar girizildi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligi artdyrmak, şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depginini 6,3 göterim derejesinde saklamak barada wezipeleriň bellenilendigini aýtdy. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn önümçilik netijelerini gazanmak, sebitleri durnukly ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamak baradaky tabşyrygyna laýyklykda, häzirki wagtda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak bilen birlikde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijilerini düzmek, ýurdumyz we pudaklar boýunça maýa goýumlaryň möçberini kesgitlemek üçin hasaplamalar we seljeriş işleri geçirilip, bu işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» laýyklykda, senagatda zähmet öndürijiligini 1,5 esse ýokarlandyrmak, 50 müňe çenli täze iş ornuny döretmek, sebitlerde çig mal bolmadyk eksporty 2-3 esse artdyrmak, 25 müňe çenli täze kiçi we orta kärhanany döretmekkiçi we orta telekeçilikde işleýänleriň paýyny ykdysady taýdan işjeň ilatyň 40 göterimine ýetirmek, kiçi we orta kärhanalaryň eksportyny 2 esse artdyrmak meýilleşdirilýär
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini Türkmenistanyň ýokary tehnologiýaly kärhanalarynda öndürilýän önümleriň möçberini 100 göterim, şol sanda eksport önümleriniň möçberini 75 göterim artdyrmak arkaly üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Hasabaty diňläp, Gahryman Arkadagymyz jemi içerki önümiň durnukly ösüş depginini saklamagyň möhümdigini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýän iri kärhanalaryň gurlandygyny belläp, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz täze senagat desgalaryny gurmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek arkaly önümçiligiň möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi hem tabşyrdy.