Gaz üpjünüçiligi göwnejaý guralýar

Gaz üpjünüçiligi göwnejaý guralýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň etraplaryndaky hem-de şäherlerindäki gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary gaz geçirijileri, gaz paýlaýjy desgalary, gaz sazlaýjy enjamlary tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri bolan güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işlerini bellenilen meýilnama laýyklykda ýokary hilli geçirýärler.

Güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işleri müdirligiň «Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynda has-da göwnejaý guralypdyr. Bu möhüm işiň öz wagtynda talabalaýyk geçirilmegi üçin edaranyň hyzmat ediş gulluklarynyň hemmesiniň işgärleri ýokary işjeňlik görkezýärler. Olar welaýatyň dolandyryş merkezi Mary şäheriniň çäginde umumy uzynlygy bäş ýüz ýetmiş dört müň dokuz ýüz on bir metr bolan dürli göwrümli, ýokary, orta, pes basyşly gaz geçirijilere hyzmat edip, kyrk bir müň togsan dokuz hojalygy, döwlete degişli hem-de döwlete degişli däl edara-kärhanalarynyň iki ýüzden köprägini tebigy gaz bilen üpjün edýärler. Gazçylar welaýat merkezinde gyş döwründe-de gaz üpjünçiliginde bökdençligiň bolmazlygy üçin bar bolan gaz geçirijileri gözden geçirip, gaz paýlaýjy desgalarda, gaz sazlaýjy enjamlarda tehniki taýdan hyzmat ediş işlerini tehnologik talaplara laýyk ýokary hilli geçirýärler.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №44
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№44

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 3-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993