17-nji noýabrda Yslamabatda geçirilen Türkmenistanyň we Pakistanyň bilelikdäki hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň mejlisinde energetika, ulag, söwda we beýleki ugurlar boýunça sebit taslamalaryny öňe sürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.
Duşuşyga iki ýurduň daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Muhammet Ishak Dar wekilçilik etdiler.
Mejlisde özara söwdany we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, önümçilik gatnaşyklaryny ösdürmäge, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky aragatnaşygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.
Ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy ugurlaryň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi ýaly iri sebit energetika taslamalarynyň geljegi, şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugry boýunça elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri göz öňünde tutuldy.
Bu başlangyçlaryň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak we sebit hyzmatdaşlygynyň durnukly infrastrukturasyny döretmek üçin ähmiýeti bellenildi.
Gün tertibiniň aýratyn bölegini ulag özara baglanyşyklylygy we üstaşyr-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri düzdi. Taraplar iki döwletiň ýerleşiş ýagdaýyny söwda ýollaryny ösdürmek, Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebit we halkara bazarlaryna çykyş mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ulanmagyň geljegini ara aldylar.
Bulardan başga-da, senagat, oba hojalygy ulgamlarynda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Mejlisiň möhüm bölegi türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygyň geljege ugrukdyrylan ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek meselelerine garamak boldy.
Mejlisiň netijesinde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.