“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy harytlary (çagalar üçin täze ýyl sowgatlaryny – içinde süýji-köke önümleri bolan 740 sany täze ýyl nyşanly baýramçylyk gaplaryny) getirmek barada Türkmenistanyň manatlarynda №2026/53 belgili TENDERI yglan edýär: Harytlary getirmegiň möhleti: 2026-njy ýylyň 23-nji dekabryna çenli.
Tendere gatnaşmak
üçin Size şular teklip edilýär:
1.
Bäsleşige gatnaşmak islegi barada ygtyýarly adamyň goly çekilen we
möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna
Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň
doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan
ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we
rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2. Size arzada
görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3.
Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron
faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda
arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen
goralan bolmaly;
4.
Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde
«www.oilgas.gov.tm» saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 7
(ýedi) günüň dowamynda, 20-nji iş güni
ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan gijä galman iberilmeli. Ýokarda
görkezilen möhletden giç gelip gowşan teklipler kabul edilmez.
Takyk maglumaty almak üçin:
Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine
+993-61-49-57-47 belgili telefon boýunça ýüz
tutmaly;
Tehniki meseleler boýunça baş mehanige +993-61-39-96-60
belgili telefon ýa-da : ShikhmuradovaGC@tatneft.tatar.boýunça
ýüz tutmaly;