“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy 19.11.2026 - 04.12.2026 aralykda №2026/50 belgili TENDER boýunça teklipleri kabul etmegiň möhletlerini uzaldýandygyny yglan edýär

“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň manatlarynda ekipažly ulag ýangyç guýujynyň hyzmatlaryny etmek barada  №2026/50 belgili belgili TENDER boýunça teklipleri kabul etmegiň möhletlerini 04.12.26 çenli uzaldýandygyny yglan edýär:

Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1.     Bäsleşige gatnaşmak islegi barada ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta  ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2.     Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3.      Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly;
4.      Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm» saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 15 (on bäş) günüň dowamynda, 15-nji iş güni  ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan gijä galman iberilmeli. Ýokarda görkezilen möhletden giç gelip gowşan teklipler kabul edilmez.    

Takyk maglumaty almak üçin:

Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine +993-65-83-18-99 belgili telefon ýa-da KhalilulinBS@tatneft.tatar  salgysy boýunça ýüz tutmaly;

Tehniki meseleler boýunça baş mehanige +993-62-74-18-80 belgili telefon ýa-da : KrivilevYD@tatneft.tatar boýunça ýüz tutmaly;

Nebitgaz №46
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№46

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 17-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993